Abulgazy Bahadur han – “Şejereýi Teräkime” (Türkmenleriň nesil daragty). 2015 ý. Hywanyň hany bolan meşhur taryhçy Abulgazynyň bu eseri türkmen taryhynyň iň bir gymmatly çeşmeleriniň biri bolmak bilen, türkmen halkynyň geçmiş taryhy barada gyzykly gürrüň berýär. Bu taryhy eser taryhçylar, etnograflar, giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenýär. Kitap ilkinji sapar türkmen...
Aşgabat: Metbugat, 1991. — 64 s. Kitap türkmen halkynyň geçmiş taryhy barada gyzykly gürrüň berýär. Bu taryhy eser taryhçylar, etnograflar, giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenýär.
Aşgabat: Miras, 2004. — 344 s.
Türkmen halkynyň medeniýeti, ylmy, taryhy, edebiýaty, dili sözüň doly manysynda Türkmenistanyň Ilkinji we Ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň howandarlygynda öwrenilip başlandy. Ilkinji gezek neşir edilýän «Ajaýyplyklaryň düri» atly bu kitap hem Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň atalyk aladasy bilen döredilen Türkmenbaşy adyndaky...
Yaptığınız işin bir gün çevrenizdekilere zarar verdiğini öğrenirseniz ne yaparsınız? Yazar bu soruya, elinizdeki eseri meydana getiren Şammat'ın günlüğüyle cevap arıyor. Şammat'ın sırf "can sıkıntısından, vakit öldürmek için" başladığı günlüğü, yaşama sebebini bilmeyen insanların arasında varoluşunu sorgulayan bir adamın içten itiraflarının döküldüğü bir hesaplaşma defteri...
2014. "Leýli-Mejun" dessanyny megerem mekdep döwründe okap görmedigimiz ýok bolsa gerek, eger ýaltaçylyk edip okamadyk bolsaňyz hem, "Leýli Mejnunyň söýgüsi" diýip eşidensiňiz, şu gün siz bilen bu dessany PDF görnüşinde taýýarlap, size ýetirmegi makul bildik. Dessan pelsepe.com saýtyndan alyndy. Dessanyň gysgaça mazmuny : Leýli we Kaýs biri-birlerine aşyk bolýarlar. Bularyň...
Aşgabat: Türkmenistan, 1986. — 231 sah. red. Kulyýew K. Suw üstünde Geň myhman Pälwanlar Howply duşuşyk Ýaraşyk Hun Hun ujundan alnan gyzlar Kakajan Hatarly hyzmat Aýna Gül Akmyradyň keseli Tatýana Mihaýlowna Tekinskaýa Ene Kulyýewanyň internaty Annajemal Göreş ýitileşýär Ýolda Pöwrize Ýedi dogan Gudratly ahun Gaçaklar Ýagşylyga ýagşylyk Nowruz Çaknyşyk Göreşde sylaşmak ýok
Şejere (türkmen tire-taýpalarynyň nesil daragty). — Aşgabat: Turan-1, 1994. Her bir halkyň tire-taýpasy onuň gönezligi, asyl köki bolup, olaryň atlary halkyň geçmişini biziň günlerimize mizetmän ýetiren ajaýyp kitapdyr. Bilesigeliji giň okyjylar köpçüligine, ylaýta-da ýaşlara niýetlenen bu kitapda türkmen tire-taýpalarynyň gyzykly taryhy, olaryň adynyň döreýiş sebäpleri we manysy...
Aşgabat: Miras, 2005. — 240 s. Gündogaryň meşhur taryhçysy, edebiýatçysy we syýahatçy alymy hökmünde meşhurlyk gazanan Muhammet Awfynyň bu kitaby dürli meseleleri öz içine alýan birnäçe baplardan we bölümlerden ybarat uly göwrümli eserdir. Kitap dünýäniň döreýşi, gadymy şalar, halypalar we ş. m. hakyndaky birnäçe kyssalary özünde jemleýän, beýan ediliş, şahyranalyk we gaýry...
Aşgabat: Miras, 2005. — 296 s.
Türkmen halkynyň taryhynda görnükli döwlet işgäri, serkerdesi we meşhur söz ussady hökmünde öçmejek yz galdyran Babyryň «Diwany» jemgyýet, ynsan ahlagy, söýgi barada şahyrana duýgulary özünde jemleýär. Türkmen edebiýatynyň şanly sahypalarynda mynasyp orun alan Babyryň «Diwany» şu günki we geljekki nesilleriň ruhy kämilligi üçin gymmatly ruhy...
Aşgabat : MIRAS, 2005. — 224 s.
Bu gün toparymyzda Hüseýin Baýgaranyň «Diwany» ilkinji gezek okyjylara hödürlenýär. XV asyr türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Baýgara türkmenleriň arasynda Soltansöýün ady bilen meşhur bolup, ol hakynda dürli hekaýatlar, rowaýatlar, şorta sözler ilat arasynda meşhurdyr. Ol hakyndaky «Myraly hem Soltansöýün» atly dessany türkmen bagşylary şu...
Roman. — Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2011. — 254 s. Awtor kitabyň sahypalarynda öz atasy Berdimuhamet Annaýewiň ýalkymly keşbini janlandyrýar, ol hakyndaky ähli hakykatlary hiç hili owadanlajak bolman, bolşy ýaly gürrüň berýär. Romanyň sýužeti bar bolan resminama materiallarynyň esasynda gurlupdyr. Bu roman özboluşly häsiýete eýedir, ol täsin poeziýa we filosofik...
Roman. — Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2013. — 575 s. Belent mertebeli Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Döwlet guşy» romanynda kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň Beýik Watançylyk urşuna gabat gelen çagalygynyň bir ýarym ýylynyň mysalynda onuň beýik ruhy-ahlak dünýäsi, maşgala ýüküni merdi-merdanalyk bilen çekişi, ir kämil çykyşy, il-gününe, Watanyna bolan...
Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2017. — 303 s. Türkmenistan—Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi. Asyrlaryň jümmüşinde bolup geçen käbir ajaýyp taryhy wakalaryň beýany ýazuw çeşmelerinde, medeni gymmatlyklarda hem-de halk hakydasynda jemlenip, nesilleriň ruhy dünýäsinde ömür dowamatyny tapýar. Belent mertebeli Prezidentimiziň bu kitaby çuňňur mazmunly taryhy maglumatlaryň...
Aşgabat: Türkmenistan, 1995. — 139 s. Ýazyjy Ata Durdyýew özüniň bu romanynda öz iliniň garaşsyzlygyny , özbaşdaklygyny , azatlygyny baýdak edinen watançy Keýmir bilen jeňparaz Nediriň häsiýetlerini çeper obrazlaryň, epizodlaryň , wakalaryň üsti bilen açyp görkezýär. Keýmiriň esasy ýaragy dili bolupdyr. "Sözlemäni başarana horluk ýok" diýen Keýmir, köp gowy işleri bitiripdir....
2020. — 114 b. Men Esenow Şatlyk Ýusupowiç. 2002-nji ýylyň maý aýynyň 25-ine doguldym. Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Aşyr Kakabaýew geňeşliginde ýaşaýaryn. Şu geňeşlikde ýerleşýän 8-nji çagalar bagyny hemde 81-nji orta mekdebi tamamladym. Goşgy düzmäne esasan, 2018-nji ýylda başladym. Şondan bäri entek kämil bolmadyk goşgular bilen Poeziýa äleminde gezip ýörün. Bu kitaba...
Çapa taýýarlan, redaktirlän hem sözbaşy ýazan Ahmet Gurbannepesow. — Aşgabat: Bereket-Bina, 1995. Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň laureaty Gurbannazar Ezizowyň «Saýlanan eserleri» şu kitabyň üsti bilen ilkinji gezek türkmen okyjylaryna hödürlenýär. Kitaba şahyryň gysga ömründe döreden ajaýyp goşgularydyr poemalary saýlanyp girizildi....
A.: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2004 — 160 s.
Türkmen halkynyň milli medeniýetiniň iň oňat nusgalarynyň biri bolan dessanlar şu günki günlerimizde hem ähmiýetini ýitirenok.
Şeýle halk dessanlarynyň biri-de waka ýordumy türki halklaryň arasynda hem meşhur bolan hakyky söygüni, halklaryň arasyndaky doganlyk-dostlugy, ýara wepalylygy, il-ýurda söýgüni,...
A.: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty, 2013. — 200 s. Pars dilinden terjime edenler we çapa taýýarlanlar Çary Muhammetjuma, Araznepes Mämmetjumaýew. Hormatly Prezidentimiziň üznüksiz tagallalary netijesinde türkmen medeniýetiniň taryhy bilen baglanyşykly gadymy golýazma çeşmeleri düýpli öwrenilýär. Golýazma çeşmeleri esasynda taýýarlanylan bu...
Powestler. Türkmen diline terjime eden Yhlas Amangeldi. — 2014. — 51 sah. Gökdepe galasyny goramak üçin bolan pajygaly şöweşde türkmen halkynyň görkezen gahrymançylygy we patyşa goşunlarynyň ýerli halky köpçülikleýin gyranlygy hakyndaky ýatlama nesillerden-nesillere geçip gelýär. Gökdepe urşynyň taryhy halkyň gahrymançylykly dessanynda we saz sungatynda öz mynasyp beýanyny tapdy....
Aşgabat, 1991. Çapa taýýarlan Akmyrat Gürgenli. Oguzlaryñ (Türkmenleriñ) iñ gadymy eposlarynyň biri (hem dessany) bolan Däde Gorkut/ Gorkut Ata, 15-nji ýýüzýylda Türkçülik düşünjäniniñ barha ösen Ylhanlylar döwründe Ozanlar tarapyndan il arasyna köp ýaýraýar. Ozanlar Gorkut ata, Görogly ýaly milli destanlary, toý-tomaşalararda, märeke meýlislerde şowhun bilen aýdyp berer...
Aşgabat: Türkmenistan neşirýaty, 1980. Çapa taýýarlanlar: Ata Gowşudow, Mäti Kösäýew. Redaktor: Durdy Haldurdy. Sözbaşy «Türkmen halky Göroglynyň üsti bilen özüni talap, gul etmek islän ähli şalar, hanlar hem beýlekiler bilen söweşde arkadagy— hemaýatçysy, goragçysy bolan gahrymanyň obrazyny döredipdir. Görogly halk bilen berk baglydyr, halk bilen Göroglynyň arasyny üzmek...
Aşgabat: Türkmenistan, 1989. — 616 s.
Ýazyjy Ata Gowşudowyň Perman romanynyň ykbaly çylşyrymly boldy. Ol uzak ýyllaryň dowamynda birnäçe sebäplere görä, okyjylara mälim bolman galypdy. Inede ol roman siziň eliňizde. Bu kitapda edebi gahrymanlar, şonuň ýalyda Öwezmyrat batyr, Dykma serdar, Seýitmyrat beg ýaly taryhy şahslar bilen ýüzbe-ýüz bolup bilersiňiz. Roman Gökdepe urşunyň...
Aşgabat, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2013. Merhum taryhçy Öwez Gündogdyýewiň bu kitabynda Birinji jahan urşuna gatnaşan Teke atly polkunyň geçen şöhratly söweş ýoly hakynda, onuň düzüminde bolan türkmen ýigitleriniň edermenligi dogrusynda taryhy maglumatlaryň esasynda gyzykly gürrüň berilýär. Türkmen halkynyň bäş müň ýyllyk taryhy biziň bedewlerimiz bilen aýrylmaz...
Aşgabat: Turan, 1995. — 438 sah.
Daşgynow Gurbanýaz, Gurbannepesow Ata (toplan, çapa taýýarlanlar).
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesowyň poeziýasyna uly-kiçi hemme aşyk. Onuň eserlerini her gezek okanyňda täze many, täze lezzet alýarsyň. Şahyryň eliňizdäki ýygyndysy hem siziň üçin onuň hiç wagt solmajak elwan gülli şahyr dünýäsine ýakymly seýil bolar diýip umyt...
Aşgabat: Türkmenistan, 1978. — 144 s. Bu gün belli ýazyjymyz Arap Gurbanowyň toparymyzda hödürlenýän kitabynda durmuşyň jümmüşine aralaşýan, gyzgalaňly , dartgynly wakalara baý , döwrüň aktual meselelerine ýüzlenen eserler girizilen.
Aşgabat: Miras, 2005. — 288 s. Türkmen dilinde ilkinji gezek neşir edilýän bu kitap XII-XIII asyrlarda ýaşap geçen arap alymy Muhammet Hamawynyň «Mansuryň taryhy» atly eseridir. Dünýä taryhyny öwrenmekde ygtybarly çeşmeleriň biri hasaplanýan bu eser türkmen taryhynyň unudylan parçalaryny öwrenmekde, merdana ata-babalarymyzyň heňňam gatlaryndaky harby, syýasy, jemgyýetçilik we...
Aşgabat, 2015. — 75 s. Eger www.ertir.com saýtyna girip-çykýan bolsaňyz, onda Ashyrhan agzany tanaýansyňyz. Ol okuwynyň daşyndan goşgy düzmek bilen hem meşgullanýar, Aşyr Hanowyň goşgylaryny okan her bir agza bu ýaş ýigidiň geljekde şygryýet äleminde uly ädimleriň garaşýandygyny duýsa gerek. Aşyryň özi hem biziň toparymyzda agza , oňa geljekde-de şygryýet äleminde uly...
A.: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty, 2013. — 279 s. Pars dilinden terjime eden we neşire taýýarlan Godarow Rahmanberdi. Muhammet Kasym Hinduşa Astrabadynyň «Ybraýymyň gülşeni» («Taryhy Perişde») atly eseri Hindistanda döredilen türkmen döwletleriniň taryhyny dogruçyl we giňişleýin açyp görkezýän eserleriň biridir. Bu eseriň I jildinde Gaznaly...
Aşgabat: MIRAS, 2004. — 193 s.
Toparymyzda soňky wagtlarda okuw kitaplary bilen bir hatarda, türkmen halkynyň gadymy gymmatlyklaryny öz içine alýan ajaýyp eserler hem köpelmek bilen. Şolaryň biri hem türkmen we pars dillerinde eser döreden Isferden obasynda (Gökdepe etrabynyň Isferden obasy) ýaşan Arif tahallusly Abdylwahhap Hojanyň ogly Patyşa Hojanyň «Gülzar» eseridir. Kitap...
Aşgabat: Çäç, 1991. — 80 sah.
Nargylyç Hojageldiýewiň bu taryhy oçerki maňa jikme-jik mälim temadan ýazylypdyr. Bir ýüz on bir ýyl mundan ozal Gökdepede bolup geçen halk tragediýasy ýatdan çykaryp bolmajak taryhy wakadyr. Taryhçylar bu waka dürli wagtlarda dürli hili çemeleşdiler. Sarizmiň harby ekspansiýasyny ýuwmarlajak bolup, ýerli halkyň gahrymançylygyny peseltjek, onuň...
Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2016. —281s. Paýhas çeşmesi. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institute tarapyndan taýýarlanyp, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilip, halka hödürlenilýän bu ýygyndy ata-babalarymyzyň pähim - paýhasy siňen dürdäne sözlerini öz içine alýar. Atalar sözi we...
Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2016. — 280 sah. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanyp, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilip, halka hödürlenilýän bu ýygyndy ata-babalarymyzyň pähim - paýhasy siňen dürdäne sözlerini öz içine alýar. Atalar sözi we nakyllar...
2010. — 204 sah.
Избранные стихотворения
Türkmen halkynyň söýüp okaýan şahyrlarynyň birisi Berdinazar Hudaýnazarowdyr. Özi dünýäden gaýdandan soň birinji gezek neşir edilýän bu kitaba Berdinazar şahyryň saýlama goşgulary girizildi. Adamy adamkärçilige çagyrmak Berdinazar Hudaýnazarowyň şygryýet dünýäsiniň durky özenidir. Milli öwüşgin bilen bezelen şygyrlarda ynsan...
Aşgabat : MIRAS, 2005. — 272 s. Аль-Джахиз. Книга о скупых الجاحظ. كتاب البخلاء Gündogar halklary hakynda ilkinjileriň biri bolup eser ýazan VIII-IX asyryň görnükli alymy we akyldary Abu Osman Jahyzyň edebi mirasy dünýä medeniýetiniň altyn hazynasynda uly orna myna-sypdyr. Durmuşyň her hili hadysalary, ynsanperwerlik, sahylyk, ygrar-lylyk, edep-terbiýe ýaly ahlak gymmatlyklary...
Aşgabat: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty, 2013. — 50 s. Arap dilinden terjime eden we capa taýýarlan: Rahymmämmet Kürenow. Аль-Джахиз. Достоинства туркмен الجاحظ. فضائل الأتراك Gündogar halklary hakynda ilkinjileriň biri bolup eser ýazan VIII-IX asyryň görnükli alymy we akyldary Abu Osman Jahyzyň edebi mirasy dünýä medeniýetiniň altyn...
Aşgabat: MIRAS, 2004. — 240 p.
XV asyryň görnükli söz ussady Abdyrahman Jamynyň edebi mirasy diňe bir Gündogar edebiýatynda däl, eýsem dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda mynasyp orun eýeleýär. Ýazylanyna bäş asyrdan gowrak wagt geçendigine garamazdan, özüniň gymmatyny barha artdyrýan şahyryň meşhur «Baharystan» eseri köp dillere terjime edilip, bütindünýä okyjylary tarapyndan...
2019. — 38 s. Salam Hormatly okyjylar! “Garri Potter.Pelsepe daşy we Syrly otag” atly bu elektron kitapçada dünýä belli britan ýazyjysy Joan Rowlingiň belli Garri Potter (iňlis:”Harry Potter”) seriýa romanlarynyň birinji iki seriýasy şeýle hem Rowlingiň ömür ýoly, çagalygy , okuwy , nikasy barada we başgada birnäçe gyzykly maglumatlar getirilýär. Şu kitapça položitel bahalary...
Aşgabat:Turan1, 1994. - 210s.
Romanyň awtory - durmuşyň çarkandakly , öwrümli ýollaryny geçen , onuň ajysyny-süýjüsini dadan adam. Şonuň üçin-de , onuň tötänleýin hata zerarly gözenegiň aňyrsyna düşen baş gahrymanynyň başdan geçirýän wakalary , azatlyga ymtylyşy dartgynly hem-de ynandyryjy beýan edilýär.
Aşgabat: Türkmenistanyň Milli golýazmalar instituty, 2007. — 243 s. Gymmatly taryh ylmynyň pazylaty äşgärdir. Ýöne bir kitapda ähli wakalary giňişleýin beýan etmek we bir eseriň hemme hadysalary öz içine almagy mümkin bolmansoň, «Bir zada hemmetaraplaýyn göz ýetirip, alyp bilmeseň, ony doly taşlamak dogry däl» diýen jümlä görä, uly wakalary beýan etmek we döwrüň esasy...
Türkmen edebiýatynyň görnükli wekili, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, uly alym Aman Kekilow öz halkyna iňňän baý edebi hem-de ylmy miras galdyrdy. Zehinli şahyryň şygyr bilen ýazylan "Söýgi" romany, poemalary, kyssa eserleri okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.
Powest we hekaýalar. — A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2010. Türkmenistanyň meşhur ýazyjysy Berdi Kerbabaýew turkmen edebiýatyny ösdürmekde we dünýä tanatmakda ägirt işleri bitiren belli şahsyýetdir. 01 «Aýgytly ädim», «Nebitdag», «Suw damjasy - altyn dänesi» ýaly ajaýyp eserleri bilen birlikde, türkmen çagalarynyň söýgüsine we hormatyna mynasyp bolan ençeme eserleriň hem...
2015. Şu gün toparymyzda dünýä edebiýatyndan, ABŞ-ly ýazyjy zenan Harper Nell Liniň Bilbili öldürmek romanyny üç dilde, türkmen, iňlis we rus dillerinde hödürleýäris. Bilbili öldürmek ýazyjy zenanyň çagalyk ýatlamalarynyň esasynda döredilen awtobiografik roman diýseňem boljak. Tutuş roman, gahrymanyň özüniň gürrüň bermegi görnüşinde düzülip, wakalar Gözlüje lakamly bezzat...
Aşgabat: Turan, 1991. — 49 sah.
Gurbansähedowyň G. (redaksiýasy bilen).
Magrupy Ahalda dogulýar we ýemreli türkmenleriniň magruflar toparyndandyr. Harby maşgaladan, serdarlar neslinden bolupdyr. Arap we pars medeniýeti, ylymy we edebiýaty bilen çuň tanyş. Ahal – Eýran we Ahal – Hywa harby gatnaşyklarynda uly figura. Magrupy tekeleriň Ahala iýnmesi bilen öz ýemreli taýpasyna...
Aşgabat: Turan, 1991. — 55 sah. Gurbansähedowyň G. (redaksiýasy bilen). Şahyr Saragtda, togtamyşlaryň wekil, onuň-da ýusuplar diýen böleginde dogulýar. Ol urugçylyk döwründe ilki Saragtda, soň Maryda, köplenç Hywada taglym alýar. Medreselerde türk, pars we arap taryhyny, medeniýetini we edebiýatyny öwrenýär. Onuň kuwwatly akyly jemgyýeti sosial öwrenmeklige itekleýär. Şabende,...
Aşgabat: Turan, 1991. — 52 sah.
G.Gurbansähedowyň redaksiýasy bilen
Матаджи. Стихотворения
Annagylyç Mätäji (1824-1884)
Mätäji Aşgabadyň eteginde, Köşi obasynda dogulýar. Onuň öz ady Annagylyç bolup, Mätäji onuň lakamydyr. Onuň kakasyna Amanmuhammet diýer ekenler.Nowaýy, Meşrep, Fuzuly onuň edebi mekdebi. Onuň milli şygyrlaryna köp halk aýdymlary döredilýär. Mätäji sazyň...
TSSR Ylymlar akademiýasynyň neşirýaty. Aşgabat, 1963. Klassyk şahyr Mollanepesiň döreden ajaýyp eserleriniň biri hem Zöhre-Tahyr dessanydyr. Eseriň gahrymanlarynyň goşgulary türkmen halkynyň söýgüli aýdymlaryna öwrülip gitdi.
Aşgabat: Miras, 2007. — 63 s. Birinji bap. Adam kellesiniň görnüşleri. Ikinji bap. Adam saçynyň görnüşleri. Üçünji bap. Adam ýüzüniň görnüşleri. Dördünji bap. Adam maňlaýynyň görnüşleri. Bäşinji bap. Adam gaşynyň görnüşleri. Altynjy bap. Adam gözüniň görnüşleri. Ýedinji bap. Adam gulagynyň görnüşleri. Sekizinji bap. Adam burnunyň görnüşleri. Dokuzynjy bap. Adam agzynyň görnüşleri....
Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2010. — 304 s. Мюлькиев Дж. Сельджуки, роман (на туркменск. яз.) Ýazyjy Jumageldi Mülkiýewiň «Seljuklar» romany türkmeniň şöhratly geçmişine degişli wakalar barada gürrüň berýär. Seljuk türkmenleriniň XI asyrda ýer-ýurt ugrunda alyp baran söweşleri, döwrüň meşhur adamlary baradaky söhbetler bu eseriň özenini düzýär. Roman çeper dilde...
Asyl nusgadan rus diline terjime eden: M.Salýe. — Rus dilinden türkmen diline terjime eden: Bäşim Ataýew. — Goşgulary rus dilinden türkmen diline terjime eden: Sapargeldi Annasähedow. — Aşgabat, 2012. Terjimeçiden: «1001 gijäniň» Ýewropada peýda bolan mahalyndan bäri iki ýüz ýyldan-da köpräk wagt geçdi, emma ol henize çenli özüniň lezzetini ýitirmän gelýär. Şährizadanyň meşhur...
Arap ertekileri. — 2015. Тысяча и одна ночь Megerem türkmen okyjylarynyň içinde "Müň bir gijäniň" adyny eşitmedik ýok bolsa gerek. Şu gün toparymyzda bu eseriň türkmen dilindäki nusgasyny agzalarymyz bilen ilkinji paýlaşýarys. Eýsem "Müň bir gije" nähili eser we nirede döredi? "Müň bir gijäniň" özi, her gün agşam bir gyzy ýanynda ýatyryp, ertesi-de ony öldürýän birehim Şähriýar...
Ашгабат: Türkmen döwlet neşirýat gullugy , 2003 — 208 sah. Türkmen ilim aman bolsun. Goşgular Eziz halkym! Eliňizdäki bu şygyrlar kitabymy men entek çagakam ýer titremesinden soň ýazyp başladym.Talyp ýyllarym,ondan soňky ýyllar ýekelikde galan pursatlarym şygyrlar toplumynyň birnäçesini gündeligime ýazdym. Şygyrlar toplumynyň galaba bölegini bolsa men garaşsyzlyk ýyllary içinde...
Ашгабат: Türkmen döwlet neşirýat gullugy , 2003 — 298 sah. Türkmeniň bäş eýýamynyň ruhy. Goşgular Eziz türkmen milletim! Men sizi şu şygyrlar ýygyndysynyň üsti bilen bäş müň ýyl alyslykdan-Oguzhan Türkmenden başlanýan kä ýeňişli, käte ýeňlişli taryhymyzy ruhy akabamyzyň şu güne deňiç hakydasynda ezizlän milli gymmatlyklaryny çuňňur öwrenenimde soňky kalbymda heýjanlyk döreden...
Aşgabat: Türkmenistanyň Milli golýazmalar instituty, 2001. — 184 s. Çapa taýýarlan R.Godarow. Redaktor A.Aşyrow. Türkmenieriň nesilbaşysy Oguz han özüniň gahrymançylykly ýörişleri, berkarar döwlet gurluşy, ony adatatly dolandyryşy hakda nesillere ýadygärlik galdyrmagy göz öňünde tutup, bir ajaýyp kitap ýazmagy tabşyrypdyr. Nesiller ol kitaby «Oguznama» diýip atlandyrypdyrlar....
Aşgabat, Sovet edebiýaty jurnaly 3/1987. Çapa taýýarlan Akmyrat Gürgenli. Eziz ildeşler! Her bir milletiñ buýsanmaga oña guwanmaga dürli baýlyklary bar. Biziñ Türkmen milletiniñ-de baryp biziñ eýýamymyzdan öñ (milatdan öñ) dörän we il arasynda dilden dile saklanyp gelen halk döredijilikleri, efsanewi-mifiki eserleri bar. Ynha şolardan iñ gadymkysyny we başgaça aydylanda şa...
Beỳik köňle syỳahat. (Nury Halmämmedow barada ýatlamalar). Daşkent-Stambul, 2009-2010. Awtordan: Okyjym! Meşhur kompozitor Nury Halmämmediň beỳik köňlüne syỳahata çykdyň. Ŷollaryň açyk bolsun. Men syỳahata çykamda köp kişi öz bilỳänini maňa gürrüň beripdi. Olara, Daỳnalylara, A.Baỳrammyrada aỳratyn minnetdarlyk aỳdỳaryn. Oraz Ýagmyr.
Gunbedkabus, 2004. - 149 s.
Türkmen edebiýatynyň medeni we ruhy baýlygynyň paýhasly ogullarynyň biri hem Taganberdi Purmand, Tagandurdy ogludyr. Ol il arasynda "Tagy" ady bilen tanalyp we "Serhoş" lakamy (Tahallusy) bilen poemalar we poeziýalar döredýär.
Dörediji uzak wagtlardan bäri köp sanly eserlerini türkmen dilinde çap bolýan žurnalgazetlerinde neşir edip, okyjylara...
Pelsepe, 2015. — 300 s. XIII asyryň ussat ýazyjysy Sady Şirazynyň (1195—1226) edebiýat äleminde gazanan üstünligini beýan ederden söz asgyn gelse gerek. Günbatarly tankytçylar onuň iküç ýylyň içinde “Bossan” we “Gülüstan” ýaly iki beýik nusgawy eseri ýazyp bilşine, dogrusy, haýran galýarlar. Her bir gündogarly tarapyndan tanalýan we beýik eser diýlip, ykrar edilen bu kitaplar...
Aşgabat: Türkmenistan Döwlet Neşirýaty, 1961. — ii, 52 s. Redaktor: G. Seýitmädow, suratçy: A. Salin (PDF-a geçirildi: Noýabr 2014), taýýarlan: Nazar Annagurban. Bu iş taýýarlananda ähli seresaplyk çäreleri görlen hem bolsa, ne awtor(lar), ne «Enedilim.com» sahypasy bu işdäki informasiýa sebäpli çekilen göni ýa gytaklaýyn ýitgi ýa zelel üçin hiç bir adamyň ýa guramanyň öňünde...
A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2007. — 100 s. Bu kitaba girizilen eserlerde türkmen halkynyň ruhy baýlygy-bagşyçylyk we söz sungatyna bolaıг söýgüsi örän çepereçilik bilen yazarlanýar. Gahrymarıçylyk, tutanýerlilik, adalatlylyk, umuman, nesilden -nesle geçip gelýäıг gylyk-häsiýetler, däp-dessurlar çeperçilik bilerı suratlarıdyrylýar. Ýazyjynyň «Şükürbagşy» powesti-de,...
Aşgabat: Miras, 2004. — 304 s.
Bu gün toparymyzda edebiýaty söýüjiler üçin Seýitmuhammet Saýadynyň "Zöhre-Tahyr" dessanyny hödürleýäris.Seýitmuhammet Saýadynyň «Zöhre-Tahyr» dessany Türkmenbaşy adyndaky TMGI-de bar bolan nusgalar esasynda çapa taýýarlanyldy. Saýadynyň bu dessany Gündogarda giňden ýaýran «Zöhre-Tahyr» ýordumy boýunça döredilen türkmen dilindäki ilkinji ýazarly...
Aşgabat: Turan, 1991. — 53 sah.
G.Gurbansähedowyň redaksiýasy bilen.
Seýdi Lebap boýunda, Garabekewüliň Lamma obasynda dogulýar. Ol Lebap we Buhara medreselerinde sowat alýar. Gündogar taryhyny we edebiýatyny çuň bilýär. Şol wagtlaryň "Diwan" şygryýetini çuň özleşdirýär. Nowaýy (Hyrat) we Fuzuly (Kerkuk) mekdebinden hem habarly. Ol Hatyja we beýleki türkmen gelin-gyzlaryna...
Roman. — Aşgabat: «Türkmenistan» neşirýaty, 1986. — 539 s.
Görnükli şahyrymyz, zehinli ýazyjy Mämmet Seýidow bu romanynda Köpetdagyň eteginde ýaşan türkmenleriň Russiýa meýletin (mejbury) birikmezinden öňki ýagdaýlaryny , gelmişeklere garşy alyp baran söweşlerini suratlandyrýar. Romany okap görmedik okyjylara okamagy maslahat berýäris, çünki romanda türkmen halkymyzyň buýsançly...
Garaşsyzlyk döwrümiziň şahyrlarynyň arasynda heniz ýaşynyň kiçiligini garamazdan şahyrana üstünligi bolan Seýitliýew Maksadyň bu ýygyndysyndaky goşgulary ýüregiňi heýjana getirýär. Has-da onuň ,,Enäň ykbaly'' atly goşgusy içiňden eriş argaç bolup geçýär.
Aşgabat: Türkmenistan, 1972. — 210 s. B.Seýtäkowyň rewolýusion göreşlerden we taryhy wakalardan doly "Doganlar" atly romany diňe bir türkmen okyjylaryna däl, eýsem ozalky Sowet Soýuzynyň ençeme okyjylarynada tanyşdyr. TSSR-iň Halk ýazyjysy, Magtymguly baýragynyň laureaty B.Seýtäkowyň adybir üçlemeleriniň içinden eriş-argaş bolup geçýän gahrymanlar we okyjylar onuň "Bedirkent"...
Aşgabat: Türkmenistan, 1988. — 168 s. B.Seýtäkowyň rewolýusion göreşlerden we taryhy wakalardan doly "Doganlar" atly romany diňe bir türkmen okyjylaryna däl, eýsem ozalky Sowet Soýuzynyň ençeme okyjylarynada tanyşdyr. Bu gün toparymyzda romanlar toplumynyň ilkinji tomuny siz bilen paýlaşmagy makul bildik. Toparymyzdan daşlaşmaň, ýakyn günlerde romanyň ähli tomlaryny toparymyzdan...
Aşgabat: Türkmenistanyň Milli golýazmalar instituty, 2003. — 210 s. Belli türk alymy Aly Sewiniň başda durmagynda arap çeşmelerinden jemlenen Siriýa we Palestina seljuklarynyň taryhy.
Taryhy roman. 183 s. Х1Х-njy asyryň dowamynda türkmen taryhynda bolup geçen pajygaly wakalar milletimiziň ata-Watany jandan eziz söýýändigini bütin dünýä äşgär görkezdi. 1855-nji ýyldaky Sarahs söweşi, 1858-nji ýyldaky Garrygala söweşi, 1860-njy ýyldaky Mary söweşi,1873-nji ýyldaky Gazawat söweşi hem-de 1879-njy we 1881-nji ýyllardaky Gökdepe söweşi türkmen halkyny tutuş...
Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014. — 496 s. Eserleri ýurdumyzyň çäklerinden daşarda hem belli türkmen ýazyjysy Atajan Taganyň söýgüsini gazanan ozalky eserlerindäki ýaly eliňizdäki «Serwi gelin» atly kitabyna girýän romandyr powestleriň baş temasy Watana , ene opraga söýgi , ojaga guwanç , il-güne tagzym edýän adamlara hormat goýmak temasydyr. Ynsan durmuşynyň çylşyrymly...
Awtorlar kollektiwi. — Türkmen aýdymlarynyň sözleri. — Aşgabat: neşir ediji görkezilmedik, 2020. — 375 s. Türkmen halk dessanlaryndan we türkmen klassyk şahyrlarynyň sözlerine düzülen aýdymlaryň, şonuň ýaly-da häzirki zaman türkmen estrada aýdymlarynyň sözleri.
Türkmen halk aýdymlary [Sözleri] : [Saýlama ýygyndy] / [Türkmen dilinde] — Aşgabat : Türkmendöwletneşirýaty, 1971. Şu saýlama ýygynda Görogly eposyndan, Leýli-Mejnun, Zöhre-Tahyr, Saýatly-Hemra, Şasenem-Garyp, Hüýrlukga-Hemra, Nejep oglan ýaly meşhur türkmen halk dessanlaryndan we Magtymguly Pyragydan başlap, Mollanepes, Kemine, Zelili, Seýdi, Mätäji ýaly türkmen edebiýatynyň...
Hüýrlukga – Hemra. Türkmen halk dessany. (Çapa taýýarlan we sözbaşy ýazan N. Seýidow) – Aşgabat, 2018 − 78 sah. Halkyň söýgüli dessany bolan «Hüýrlukga − Hemra» türkmen bagşylarynyň ençemesiniň ussatlyk bilen ýerine ýetirýän dessanlarynyň biridir. Olaryň arasynda ussat dessançy bagşy Nury Halykowyň aýdan nusgasy özüniň çeperçiligi, aýdymlara baýlygy bilen tapawutlanýar....
Türkmenistan» neşirýaty, Aşgabat, 1977. Türkmen halkynyň döreden ýene bir ajaýyp dessanlarynyň biri hem «Nejep oglan» dessanydyr. Bu eseriň gahrymanlarynyň goşgulary hem türkmen halkynyň söýgüli aýdymlaryna öwrülip gitdi. Enedilim.com» sahypasynyň kitaphanasy.
Aşgabat: Türkmendöwletneşir, 1957. «Şasenem-Garyp» dessany Türkmen halkynyň arasynda örän giňden ýaýran hem köpçülik tarapyndan söýlüp okalýan edebi ýadygärliklerden biridir. «Şasenem-Garyp» dessany SSSR Ylymlar akademiýasynyň Türkmenistan filialynyň/bölüminiň Taryh, dil we edebiýat institutynyň işgäri, merhum tarapyndan çapa Nepes Hojaýew taýýarlanyp, ilkinji gezek 1940-njy...
Saýatly Hemra. Dessan, A.: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2006 – 176 s. «Saýatly Hemra» dessanynyň şu nusgasy Türkmenistana daşary ýurtly ildeşimiz tarapyndan sowgat berlen golýazma esasynda çapa taýýarlanyldy. Dessanda türkmen halkynyň däp-dessury, edim-gylymy çeper beýanyny tapypdyr. Bu dessandaky şygyrlaryň ählisi diýen ýaly türkmen halk aýdymlaryna öwrülipdir.
Awtorlar kollektiwi. Aşgabat 1992. Bu kitapçada türkmen halkynyň meşhur hanlarydyr serdarlarynyň ömür ýollary, olaryň türkmen halkynyň agzybirligi, abadançylygy ugrunda bitiren işleri, görkezen gahrymançylyklary barada gysga gürrüň berilýär.
2014.
Siz heý ozal Mark Tweniň "Tom Soýerini" okap görüpmidiňiz?! Bu kitaby tapmak kyn däl, arada ony türkmen dilinde toparymyzda ýerleşdirdik. Bu gün bolsa Tomuň ýakyn dosty Gekiň gyzykly başdan geçirmelerini, ýagny dünýä belli ýazyjy Mark Tweniň "Geklberri Finniň başdan geçirenleri" kitabyny türkmen dilinde okap bilersiňiz. Kitaplaryň ikisi hem "Her kime okamak maslahat...
Aşgabat: Türkmenistanyň Milli golýazmalar instituty, 2006. — 475 s. Bu meşhur kitap «Wezirleriň öçmejek yzlary» diýip atlandyryldy we ol on iki baby öz içine alýar. Birinji bap: Beýik Pygamber sahabalaryň we ymamlaryň wezirleri. Ikinji bap: Gadymy soltanlaryň wezirleri. Üçünji bap: Emewi (Merwany) halypalaryň wezirleriniň beýany. Dördünji bap: Apbasly halypalarynyň wezirleri....
Aşgabat: Miras, 2005. — 344 s. Ilkinji gezek türkmen dilinde neşir edilýän X-XI asyrlaryň sepgidinde ýaşap geçen taryhçy alym Muhammet Utbynyň «Soltan Mahmyt Gaznalynyň taryhy» atly kitaby türkmenleriň taryhyny öwrenmekde ygtybarly çeşmeleriň biri hasaplanýar. Ömrüniň agramly bölegini türkmen hökümdary soltan Mahmyt Gaznalynyň hemaýatkärliginde geçiren Muhammet Utby bu türkmen...
Aşgabat: Miras, 2004. — 184 s. Köneürgenç türkmenleriniň hökümdary Atsyza (XII asyr) we onuň neberelerine wepaly hyzmat eden meşhur kätip, beýik söz ussady, zehinli şahyr Reşideddin Watwat türkmen halkynyň gyzyldan gymmatly medeni mirasyna uly goşant goşan adamlaryň biridir. Onuň kitaplary dünýäniň meşhur kitaphanalarynda görnükli orun eýeleýär. Reşideddin Watwatyň bu eseri...
Stockholm, 2004. – 374 s. — ISBN: 91-974397-3-8 Ak Welsapar, türkmen ýazyjysy, Şwesiýa Ýazyjylar gura-masynyñ agzasy, Ýazyjylaryñ Halkara Pen-klubunyñ hormatly agzasy. Eserlerini türkmen, rus we şwed dillerinde ýazýar. Böwsülen tümlük romanynyñ baş gahrymany Amansähet rehimsiz aganyñ eline galan ýetim. Ol öz dogumyna, zehinine daýanyp, ýokary bilim alýar, gysganç hem doñýürek...
Stockholm: Gün neşirýaty, 2005 – 124 s.
Egri gylyç romanynyň baş gahrymany – Sertip. Ol gahrymançylyga ymtylýan adam däl, ýönekeý oba mugallymy. Onuň töweregindäkilerden ýeke-täk tapawudy – bilesigelijiligi, öz ýurdunda bolup geçýän täzelikler bilen gyzyklanýandygy.
Bilesigelijilik, durmuş aktiwligi Sertibi käte gülkünç ýagdaýa salsa, käte gussaly wakalara duçar edýär.
Eseriň...
Stockholm, 2005. – 385 s., ISBN: 91-974397-0-3 Romandaky wakalar garaşsyz ýurtda ýaýbañlanýar, kitabyñ gahrymanlaryda garaşsyz topragyñ adamlary. Ýöne ýurduñ bütin durkunda, onuñ dolandyrylyşynda, adamlaryñ özara gat-naşyklarynda, olaryñ özlerini alyp baryşlarynda ýykylan imperiýanyñ gorkunç keşbi ör-boýuna galýar. Kitaby okanyñda döwlen aýnanyñ gyýçaklarynda öz ýüzüñi synlan...
Stockholm: Gün, 2006 – 170 s. — ISBN: 91-974397-8-9 Ak Welsapar, türkmen ýazyjysy, Şved ýazyjylar guramasynyň agzasy. Türkmen, rus we şved dillerinde ýazýar. Milli we Halkara edebi baýraklaryň birnäçesine mynasyp bolan. Mülli Tahyryň hudaýlygy – ýazyjynyň on ikinji kitabydyr.
Aşgabat : MIRAS, 2005. — 400 s.
Ыльясова Г. (сост.) Поэзия молодых женщин
Bu gün toparymyzyň agzalaryna hödürlenýän bu kitapda külli türkmen eneleriniň ýaşlykda aýdan läledir monjugatdy bentleri, şeýle-de olaryň eziz balalaryny huwwalan hüwdüleri ýerleşdirilendir. Bu çugdamja, ajaýyp bentlerden ygrarlylygy, lebzi halallygy, watansöýüjiligi, mertligi, zähmetsöýerligi,...
Aşgabat: Türkmenistanyň Milli golýazmalar instituty, 2003. — 272 s. Belli türkşynas Kywameddin Burslanyň ýolbaşçylygynda arap çeşmelerinden terjime edilen Yrak we Horasan seljuklarynyň taryhy. (1-nji kitap).
Aşgabat: Türkmenistanyň Milli golýazmalar instituty, 2003. — 275 s. Belli türkşynas Kywameddin Burslanyň ýolbaşçylygynda arap çeşmelerinden terjime edilen Yrak we Horasan seljuklarynyň taryhy. (2-nji kitap).
Aşgabat: Turan, 1991. — 62 sah. Gurbansähedowyň G. (redaksiýasy bilen). Zelili Janymyň jananasy Gelýär Köz biläni Dostdan gaçar Aldady meni Aglar Iş bolsa Ýalandadyr Başda bellidir Käre döndi Gürgene gideli Bellidir Boldum Ýoldur bu Indi Eýledi husnuna hyrydar meni Halym perişan Gerekdir Döndi Meniň Eý gardaş Islemen seni Ýar senden Seýle gideli Nyşan, seýidi Salam, seýidi!...
Стихи современного туркменского поэта Оразклыча Чарыева. Философский взгляд на мир, тревога за судьбу человека, размышления о Боге, вере и мироздании... Этим гуманистическим пафосом проникнуто все творчество поэта.
Roman /Terjime eden K. Gurbanmyradow. – Aşgabat: Türkmenistan, 1986. — 496 s. Elektron görnüşe geçirildi 2016 ý. Talantly ýazyjy W. Ýanyň türkmen diline geçirilen «Çingiz han» atly eseri giň okyjylar köpçüliginiň göwnünden turdy. Eliňizdäki kitap mongol basybalyjylarynyň tozgunçylykly ýörişleri barasyndaky trilogiýanyň ikinji kitaby bolmak bilen, gazaply hem hilegär hökümdaryň...
Aşgabat: Miras, 2004. — 360 s.
«Medinede Muhammetden» soň «Türküstanda Hoja Ahmet» diýdiren, türkmeniň meşhur piri Hoja Ahmet Ýasawy seljuk türkmenleri zamanynda ýaşap, ajaýyp hikmetleri ýazyp galdyran ussat şahyrdyr. 800 ýyllap dowam eden uly bir edebi mekdebi galdyran Hoja Ahmet Ýasawy seljuk türkmenleri döwründe döwlet diliniň pars dilidigine garamazdan, ilkinji bolup oguz...
Aşgabat: Birleşen Türkmendöwlet neşir, 1943. — 80 sah.
Bu gün toparymyzda XVIII asyrda ýetişen şöhratly şahyrymyz Şeýdaýy tarapyndan ýazylan Gül - Senuber dessanyny hödürlemegi makul bildik. Bu dessan türkmen dessanlarynyň içinde iň meşhurlarynyň biri bolup, dessanda edermen ýigide zerur bolan möhüm we asylly häsiýetler öňe sürülýär. Şeýle hem, dessandaky birnäçe gazallar halk...
Ашгабад: Магарыф, 1985. — 75 с. Потомкам запомнится Махтумкули. На туркменском языке. Size häzirki hödürleýän kitabymyz mekdep, ýörite orta we ýokary okuw jaýlarynyň okuwçylary, talyplary, mugallymlary, edebiýatçylar we Magtymgulynyň döredijiligi bilen gyzyklanýanlar üçin ýörite taýýarlanyldy. Kitapda ilki bilen Magtymguly atamyzyň goşgularyndan alnan öwüt-nesihat häsiýetli...
Ашгабад: Магарыф, 1985. — 75 с. Size häzirki hödürleýän kitabymyz mekdep, ýörite orta we ýokary okuw jaýlarynyň okuwçylary, talyplary, mugallymlary, edebiýatçylar we Magtymgulynyň döredijiligi bilen gyzyklanýanlar üçin ýörite taýýarlanyldy. Kitapda ilki bilen Magtymguly atamyzyň goşgularyndan alnan öwüt-nesihat häsiýetli setirler, bentler ýerleşdirildi. Soňra türkmen we beýleki...
Полторацк (Асхабад): Туркменское государственное издательство. 1926. — 565 с. В книге арабским шрифтом на туркменском языке приведены избранные стихотворения великого туркменского поэта-мыслителя Магтымгулы Пырагы.
Комментарии